Soňky habarlar

Arhiw

Dünýä çempionatynyň resmi saýty döredildi

15:4522.10.2018
0
6688

Dünýä çempionatynyň resmi saýty döredildi

Ýene sanlyja günlerden ak şäherimiz Aşgabatda geçiriljek Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň resmi saýty döredildi. “Ashgabat2018” diýlip atlandyrylýan saýt çempionatyň maglumat çeşmesi bolup hyzmat eder.
Üç dilde ― türkmen, rus we iňlis dillerinde ýöredilýän saýt baş sahypadan we gyzykly sahypalaryň başga-da birnäçesinden ybarat. Eýýäm birnäçe gün bäri işläp gelýän saýtyň ýeňillik bilen açylýandygy ilkinji bellenilmeli aýratynlyklarynyň biridir.
Baş sahypa göze gelüwli dizaýny bilen ünsüňi özüne çekýär. Görnükli suratlar we ýaryşa galan wagty hasaplaýan sekundomer saýtdan peýdalanyjynyň ýaryş ruhuna siňmegine itergi berýär. Şeýle hem baş sahypada beýleki sahypalara çykgytlar ýerleşdirilipdir.
Halkara ýaryşlaryň resmi saýtlaryna mahsus bolşy ýaly, bu saýtda-da “Habarlar” sahypasy ýerleşdirilipdir. Eýýämden ol saýtyň iň köp okalýan sahyapalarynyň biri. Saýtdaky habarlaryň jümmüşine siňip, olaryň gözbaşyny geçen ýyla degişli agyr atletika bilen bagly habarlardan alyp gaýdýandygyny görýäris. Şu günlerde bolsa ýerleşdirilýän habarlar bolsa, guramaçylaryň, türgenleriň, meýletinçileriň dünýä çempionatyna görýän taýýarlygy barada maglumatlary alyp bolýar.
Saýtda gatnaşyjylar üçin hem ýörite sahypa bar. Olarda gatnaşyjylara bellige almagyň düzgünleri bilen tanyşdyrylýar. Bellige alyş Halkara agyr atletika federasiýasynyň resmi saýtynda (www.iwf.net) alnyp barylýar.
Tomaşaçylara niýetlenen sahypada bolsa, Türkmenistana gelmegiň wize meseleleri barada düşündiriş we biziň ýurdumyz hem-de Aşgabat şäheri barada gyzykly maglumatlar berilýär. 
Saýtdan ýaryşyň guramaçylary ― Halkara agyr atletika federasiýasy, Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasy we şu ýaryşyň kemala geliş taryhy bilen bagly maglumatlary hem okamak mümkin. Sahypada ýaryşa gatnaşjak döwletleriň we türgenleriň sany hem takyklaşdyrylýar. Bu ýerde aýdylyşyna görä, Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionatyna dünýäniň 100-e golaý döwletinden bir ýarym müň çemesi myhman gatnaşar. Şol sanda olaryň 700-e golaýy türgenlerdir.
Saýtda çempionatyň guramaçylyk topary we saýtyň adminstrasiýasy bilen habarlaşmak üçin hem çykgyt ýerleşdirilipdir. Saýtdaky ähli maglumatlaryň üç dilde ýerleşdirilmegi onuň eýýämden ýurdumyzda iň kän okalýan saýtlaryň birine öwrülmegini üpjün etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň