Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

23:3921.10.2018
0
7889

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowinde hem-de Premýer-ministri Narendra Modä ýurduň Penjab ştatynyň Amritsar şäheriniň golaýynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren pajygaly otly heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Şu agyr pursatda hormatly Prezidentimiz halkymyzyň we Hökümetiň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň