Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Mejlisi täze kanunlaryň birnäçesini kabul etdi

23:5620.10.2018
0
14411

20-nji oktýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky üçünji maslahaty boldy. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna, Konstitusiýamyzyň täze redaksiýasyna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe kanunlar we kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edildi. Maslahata degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Ilki bilen, “Ýerleriň meliorasiýasy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy parlamentarileriň garamagyna hödürlenildi. Soňra “Radioýygylyk spektri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy deputatlaryň garamagyna hödürlenildi. Bu täze Kanun Türkmenistanyň çäginde radioýygylyk spektrini peýdalanmagyň dolandyrylyşynyň, peýdalanylyşynyň we oňa gözegçilik edilişiniň hukuk esaslaryny kesgitleýär. Ol aragatnaşyk ulgamynda işleri ygtyýarlandyrmagyň, aragatnaşyk serişdelerini we hyzmatlaryny güwälendirmegiň, Türkmenistanyň gümrük serhedinden radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly enjamlary geçirmegiň, şeýle hem elektrik aragatnaşygy ulgamynyň eýeleriniň we aragatnaşyk hyzmatynyň milli operatorlarynyň arasynda gatnaşyklary sazlaşdyrýan umumy düzgünleri kesgitleýän, ýurdumyzda hereket edýän kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň üstüni doldurmaga gönükdirilendir.

“Durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmakda gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň deputatlary tarapyndan durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topary döretmegiň hem-de onuň işiniň hukuk binýadyny kesgitleýän täze kanunçylyk taslamasy taýýarlanyldy. Toparyň düzümine hökümetiň wekilleri —Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan ýörite ygtyýarlandyrylan döwlet edarasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we işgärleriň beýleki wekilçilikli edarasynyň, şeýle hem iş berijileriň hem-de telekeçileriň ygtyýarly wekilleri girýärler.

Mundan başga-da, milli parlamentiň deputatlary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda “Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hakynda; «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hakynda; “Feldiýeger aragatnaşygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hakynda; “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hakynda; “Türkmenistanyň Býujet kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hakynda; “Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaçalar we üýtgetme girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hakynda; “Binagärlik işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hakynda; “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hakynda; “Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine goşmaça we üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hakynda; “Türkmenistanyň “Ene mähri» diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hakynda; “Türkmenistanyň Suw kodeksine goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hakynda; “Migrasiýa gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetme girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hakynda; “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hakynda Kanunlaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň