Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýada iş saparynda bolar

23:3820.10.2018
0
3082

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Hökümetiň 19-njy oktýabrda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa boljak iş saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn görnüşde hem, köptaraplaýyn görnüşde hem, hususan-da, “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” hyzmatdaşlygynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýeti bellenildi.

Döwlet Baştutanynyň garamagyna Türkmenistanyň wekiliýetiniň Tokio şäherine iş saparynyň degişli maksatnamasy hödürlenildi, saparyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetiniň mejlisiniň hem-de bilelikdäki işewürlik maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň