Aşgabatda Hytaý Halk Respublikasynda öndürilýän önümleriň sergisi we ikitaraplaýyn gepleşikler geçiriler

23:0120.10.2018
0
2905

19-njy oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Türkmenistanyň Prezidentine Aşgabatda HHR-da öndürilýän harytlaryň köpugurly sergisini hem-de şonuň çäklerinde tegelek stol görnüşinde ikitaraplaýyn gepleşikleri guramaga görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bu sergä HHR-niň kompýuter tehnologiýalary, nebitgaz we himiýa senagaty ulgamlarynda, energetika, gurluşyk hem-de gurluşyk serişdeleriniň, elektrik enjamlarynyň önümçiligi, ýeňil we azyk senagaty, maşyngurluşyk pudaklarynda hem-de obasenagat toplumynda işleýän kompaniýalarynyň 100-den gowragynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Sergä gatnaşjak kompaniýalar öz önümleriniň — häzirki zaman tehnikalarynyň we önümçilik tehnologiýalarynyň tanyşdyrylyşyny geçirerler.

Türkmen döwletiniň Baştutany halkara işewür çärelerini geçirmek boýunça görkezmeleri berip, şolaryň söwda-ykdysady aragatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine, Türkmenistanyň maýa goýum hem-de eksport kuwwatyny dünýä jemgyýetçiligine görkezmäge, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny, önümçilik mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga degişli taslamalary herekete girizmäge gönükdirilendigini belledi. Şu babatda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda HHR-iň milli önümleriniň sergisine hem-de tegelek stol görnüşindäki gepleşiklere gatnaşmagyny guramak, bu çärelere Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny giňden çekmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklar berdi

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň