Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Azerbaýjanyň Prezidenti bilen duşuşyk geçirdi

23:5919.10.2018
0
3806

19-njy oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde DIM-niň ýolbaşçysy Raşit Meredow milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň 18-nji oktýabrda Azerbaýjan Respublikasyna iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, Baku şäherinde Prezident Ylham Alyýew bilen duşuşyk geçirildi, dostlukly döwletiň Baştutanyna Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen gutlag haty gowşuryldy. Azerbaýjan Respublikasynyň Baştutany çuňňur hoşallygyny beýan edip, türkmen Lideriniň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, energetika hem-de ulag ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öňe sürýän oňyn başlangyçlaryny doly goldaýandygyny aýtdy.

Duşuşykda halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini netijeli herekete getirmek maksady bilen, bar bolan mümkinçilikleri peýdalanmak barada birnäçe anyk teklipler aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda iki ýurduň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň arasynda ýörite duşuşygy geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy. Şeýle hem söwda-ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Däp bolan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrylmagyň möhümdigine aýratyn üns berildi, muňa yzygiderli geçirilýän özara Medeniýet günleri, döredijilik duşuşyklary we beýleki çäreler ýardam edýär. Hususan-da, Azerbaýjanyň Milli haly muzeýinde türkmen halysynyň sergisini guramak baradaky teklip ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Nowruz Mamedow bilen duşuşyk geçirildi.

Şol gün hem Bakuda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ikitaraplaýyn geňeşmeleri geçirildi. Onuň gün tertibine türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumy girizildi. Hazarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy. Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk babatynda Türkmenbaşy we Baku şäherleriniň Halkara deňiz portlarynyň arasynda ýük gatnawlarynyň mukdarynyň artdyrylmagynyň zerurdygy bellenildi.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2019 — 2020-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň