Türkmenistanyň daşary işler ministri Daşkentde Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşyk geçirdi

23:5619.10.2018
0
3552

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 19-njy oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň 16-njy oktýabrda Özbegistan Respublikasyna bolan iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi, saparyň dowamynda Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşyk geçirildi. Özbek Lideri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny iberip, goňşy ýurduň Türkmenistan bilen däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklady. Şunda özbek tarapynyň milli Liderimiziň şu ýylyň aprel aýynda Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň barşynda gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça alyp barýan işlerine aýratyn üns berildi.

Ýurdumyzyň wekiliýetiniň Daşkentde bolmagynyň çäklerinde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi. Şonda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda däp bolan türkmen-özbek gatnaşyklaryny has-da giňeltmek meselelerine seredildi. Şunuň bilen birlikde, 2019-njy ýylda Özbegistanda geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine taýýarlyk görmek we onuň gün tertibi boýunça pikir alşyldy.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň we Özbegistanyň doly möçberli hyzmatdaşlygy ugur edinýändiklerine ýokary derejedäki özara saparlaryň we duşuşyklaryň yzygiderli geçirilýändiginiň hem-de şolaryň netijeliliginiň, şeýle hem daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli gatnaşyklaryň-da şaýatlyk edýändigini aýdyp, bu ugurda netijeli işleri dowam etdirmek boýunça birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň