Türkmenistanyň wekiliýeti PB-niň 139-njy Assambleýasyna gatnaşdy

23:5119.10.2018
0
2976

19-njy oktýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa döwlet Baştutanyna Parlamentara Bileleşiginiň (PB) 139-njy Assambleýasyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň deputatlarynyň wekiliýetiniň Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherine bolan iş saparynyň netijeleri barada habar berdi.

Wekiliýetiň agzalary PB-niň Assambleýasynyň çäklerinde geçirilen Zenan Parlamentarileriň 28-nji forumyna gatnaşyp, gender meselelerini çözmekde ýurdumyzyň gazananlary, bu ugurda kanunçylyk binýadyny berkitmek, türkmen jemgyýetinde asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan eneleri çuňňur hormatlamak däplerini goldamak boýunça geçirilýän işler barada çykyş etdiler.

Habar berlişi ýaly, Mejlisiň Başlygy Parlamentara Bileleşiginiň 139-njy Assambleýasynyň umumy maslahatynyň çäklerinde “Innowasiýalar we tehnologiki ösüş döwründe parahatçylygy berkitmekde we ösüşde parlamentiň orny” diýen mowzuk boýunça çykyş etdi. Çykyşda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň ylmy taýdan esaslandyrylan syýasaty netijesinde, Türkmenistanda ylmy-tehniki ösüşe hem-de innowasiýalary giňden ornaşdyrmaga ýardam edýän mäkäm kanunçylyk binýady döredildi, şeýle hem ähli ugurlarda durnukly ösüş, maliýe we durmuş durnuklylygy üpjün edilýär, daşarky howplara hem-de dünýä ykdysadyýetiniň üýtgemegine öz wagtynda täsir edilýär.

Maslahata gatnaşyjylara durmuş ugurly içeri we daşary syýasaty amala aşyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda geçirilýän köpugurly işler barada habar berildi, türkmen Lideriniň ählumumy ähmiýetli döredijilikli başlangyçlarynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Bellenilişi ýaly, Parlamentara Bileleşiginiň 139-njy Assambleýasyna gatnaşyjylar 2019-njy ýyly Parahatçylyk we Abadançylyk ýyly diýip yglan etmek hakynda döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynyň belent münberinden beýan eden teklibini ruhubelentlik bilen kabul etdiler hem-de biragyzdan goldadylar.

Parlamentara Bileleşiginiň 139-njy Assambleýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Parlamentara Bileleşiginiň Assambleýasynyň ýanyndaky Şweýsariýa wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Parlamentara Bileleşiginiň parlamentarileriň hukuklary boýunça komitetiniň başlygy, senator Andrea Karoni, Parlamentara Bileleşiginiň prezidenti hanym Gabriella Kuewas Barron hem-de Parlamentara Bileleşiginiň Baş sekretary Martin Çungong bilen duşuşyklary boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, kanunçylyk-hukuk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň häzirki döwürde ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň aýrylmaz şerti bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz parlamentara gatnaşyklary berkitmek meselelerine ünsi çekip, onuň döwletara gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýandygyny belledi.

Kanunçykaryjylyk işi babatda tejribe alyşmaga, halkara bileleşigini demokratik hukuk döwletiň ösüş ýolunda Türkmenistanyň taryhy tejribesi hem-de häzirki gazananlary bilen halkara bileleşigini tanyşdyrmak boýunça çäreleri guramak babatda tejribe alyşmaga aýratyn ähmiýet bermek möhümdir.

Milli Liderimiz gender deňligi babatda üstünlikleri dünýä bileleşigine ýetirmegi, türkmen jemgyýetinde taryhy taýdan kemala gelen mukaddeslik hökmünde enäni hormatlamak bilen bagly milli däplerimizi giňden ýaýmagy işiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Biziň borjumyz şol däpleri mynasyp dowam etmek, zenanlaryň hukuklaryny amala aşyrmak, köpugurly ukyplaryny we zehinlerini ýüze çykarmak üçin ähli şertleri döretmek bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň