Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Iordaniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

23:1419.10.2018
0
3529

19-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ismail Rifaýenden ynanç hatyny kabul etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda ilçi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeler hem-de

baş maksady halkymyzyň abadançylygy, onuň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň özeni bolan iri möçberli taslamalar we maksatnamalar barada gürrüň berildi.

Şunuň bilen baglylykda, Durnukly ösüşiň ählumumy maksatlaryna ýetmek boýunça ýurdumyzyň işjeň garaýşy bellenildi, şolaryň amala aşyrylmagy aýdyň durmuş häsiýetine eýedir.

Doly ygtyýarly wekil türkmen parlamentiniň düzümi we köpugurly işi bilen hem tanyşdyryldy.

Duşuşygyň ahyrynda Ismail Rifaýen Iordanýianyň biziň ýurdumyz bilen döwletara gatnaşyklaryny ikitaraplaýyn görnüşde hem-de abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.

***

Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde kabul edildi, şonda dostlukly ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň