Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2018: «Köpetdag» ― «Altyn asyr» duşuşygyndan soň gyzykly hasaplamalar

23:4818.10.2018
0
4398

“Köpetdag” – “Altyn Asyr” – 1:2

Gollar: Öwezbaý Muhammetmyradow 90+2 (“Köpetdag”) – Altymyrat Annadurdyýew 35, Wahyt Orazsähedow 73 (“Altyn Asyr”)

Salam, birinji orun: Ätiýaçdaky duşuşyklar tamamlandy. Bu gezek hiç bir duşuşykda utuk ýitirmedik “Altyn asyr” “Ahalyň” 23 tapgyrlyk birinjiligini elinden aldy. Indi “aragatnaşykçylar” bassyr bäşinji çempionlygyna ýakyn.

“Altyn asyr” - iň köp ýeňiş gazanan topar: Möwsümdäki 17-nji ýeňşini gazanan “Altyn asyr”, şeýlelikde, şu ýyl iň kän ýeňiş gazanan topar boldy. Ikinji orundaky “Ahalyň” 16 ýeňşi bar.

Annadurdyýew bu duşuşygy hem boş geçirmedi: Möwsümdäki gollarynyň sanyny 14-e çykaran Altymyrat Annadurdyýew bombardirlik ýaryşyndaky esasy bäsdeşi Süleýman Muhadowdan 3 pökgi öňe saýlandy.

Muhammetmyradow bilen Orazsähedow ilkinji 7-likde: “Köpetdagyň” hüjümçisi Öwezbaý Muhammetmyradow we Ýokary liga üçünji aýlawda gelip, 10 duşuşykda 6 gezek tapawutlanan Wahyt Orazsähedow möwsümiň bombardirleriniň sanawynda ilkinji 7-lige girdiler.

Möwsümiň iň golly tapgyry: Şeýlelikde, 22-nji tapgyrda derwezelere 15 gol geçirildi. Bu görkeziji tapgyry şu möwsümdäki iň kän gol geçirilen tapgyr derejesine çykardy.

227 gol: Möwsümde derwezlere geçirilen gollaryň sany 227-ä çykdy.

“Altyn asyr” - 50 golly ilkinji topar: Şu duşuşykdan soňra, “Altyn asyr” Ýokary liganyň şu möwsüminde 50 gol geçiren ilkinji topar boldy.

Möwsümiň jemi boýunça netije:

Birinji aýlawda: 1:5 (Öwezbaý Muhammetmyradow 66 - Myrat Ýagşyýew 4 (11 m.j.u.), Altymyrat Annadurdyýew 31, 52, 58, Gurbangeldi Sähedow 66);

Ikinji aýlawda: 1:4 (Pirmyrat Sultanow 41' — Selim Nurmyradow 18', Serdar Annaorazow 51', Altymyrat Annadurdyýew 70', 83'.)

Üçünji aýlawda: 0:3 (Mihail Titow 12, Wahyt Orazsähedow 25, 76)

Möwsüm boýunça: 3:14 (Möwsümiň futbolçysy: Altymyrat Annadurdyýew, 6 gol).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň