Soňky habarlar

Arhiw

Hökümetara türkmen-saud toparynyň mejlisi geçirildi

23:3818.10.2018
0
3343

18-nji oktýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-saud hökümetara toparynyň altynjy mejlisi geçirildi, onda ikitaraplaýyn işewürlik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň wezipelerine garaldy.

Duşuşyga döwlet düzümleriniň, şol sanda iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Toparyň işine gatnaşmak üçin Saud Arabystany Patyşalygynyň söwda we maýa goýumlar ministri Majid bin Abdulla Al Kasabiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Aşgabada geldi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin şertleriň bardygyny belläp, mejlise gatnaşyjylar eksport-import önümleriniň möçberini artdyrmakda tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň zerurdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda duşuşyklaryň guralmagynyň möhümdigi nygtaldy. Munuň özi täze maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berer.

Türkmen-saud ynsanperwer gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, hususan-da, medeni we ylym-bilim, syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen anyk çäreler kesgitlenildi.

Mejlisiň jemleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň