Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň söwda we maýa goýumlar ministrini kabul etdi

23:3318.10.2018
0
4209

 18-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-saud toparynyň altynjy mejlisiniň işine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip türkmen paýtagtyna gelen Saud Arabystany Patyşalygynyň söwda we maýa goýumlar ministri Majid Bin Abdulla Al Kasabini kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-saud toparynyň ähmiýeti bellenildi, onuň işi özara bähbitli işewürlik gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine ýardam eder.

Dostlukly döwletiň söwda we maýa goýumlar ministri bilelikde üstünlikli işlemek üçin amatly şertleriň, ozaly bilen bolsa, oňyn maýa goýum ýagdaýynyň döredilendigini hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan “Açyk gapylar” syýasatynyň türkmen bazaryna daşary ýurtly hyzmatdaşlary çekmäge ýardam berýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Majid Bin Abdulla Al Kasabi Saud Arabystany tarapyndan bilelikdäki toparyň başlygy hökmünde şu gezekki mejlisde özara bähbitli hyzmatdaşlygy, hususan-da, ýangyç-energetika toplumynda, dokma we azyk senagatynda, bank ulgamynda, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, bilim, ylym, medeniýet, sport we syýahatçylyk ugry boýunça gatnaşyklary anyklaşdyrmakda täze çözgütleriň öňe sürüljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň dünýäniň ykrar edilen energetika döwletleri bolup durýandyklary hem-de olaryň nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy işjeň giňeltmäge taýýardyklary nygtaldy. Soňky ýyllarda ýurdumyz energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň köp şahaly ulgamyny döretmek meselelerini işläp taýýarlaýar, möhüm energetika taslamalaryny yzygiderli amala aşyrýar. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) halkara gyz geçirijisiniň gurluşygy munuň aýdyň mysallarynyň biridir, bu desga türkmen tebigy gazyny Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna iberilmegini üpjün etmekden başga-da, sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň berkidilmegine hyzmat eder.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň öz ykdysady strategiýasyny durmuşa geçirmekde ylmy-tehniki iň täze gazanylanlara esaslanýandygyny, öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalaryny we maýa goýumlaryny çekýändigini belläp, Saud Arabystanyndan bolan hyzmatdaşlarymyza iki ýurduň milli ykdysadyýetleri üçin möhüm bolan bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini içgin öwrenmegi teklip etdi. Şeýle-de, döwletleriň arasynda hem, hususy düzümleriň arasynda hem ýygjam gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam berýän işewürlik duşuşyklarynyň we maslahatlarynyň yzygiderli geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy.

Duşuşyga Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Halid Bin Faýsal Al Sahli gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň