Hindistanyň “The Times of India” gazetiniň ýazmagyna görä, Aşgabatda geçiriljek Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna 22 ýaşly hindi agyr atletikaçysy Gurdip Singh hem gatnaşar. Hanna şäherinde önüp-ösen we häzirki wagtda-da bu şäherde türgenleşýän agyr atletikaçy iň agyr agramdaky türgenleriň arasynda ýaryşar. Ol ýurdunyň milli rekordyny hut Aşgabatdaky çempionatda täzeläp biljekdigine ynanýar diýip, hindi neşiri ýazýar.
Gurdip Singh geçen ýyl ABŞ-nyň Anahaým şäherinde geçirilen dünýä çempionatyna-da gatnaşdy. Şol çempionaty 13-nji orunda tamamlan türgen silkip götermek boýunça 172, itekläp götermekde 216 kilogramlyk netije görkezipdi.
Ýeri gelende aýtsak, Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionatyna Hindistandan bäş türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Soňky habarlar
Arhiw
Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty - 2018: hindistanly türgen Aşgabatda milli rekordy täzelemäge synanyşar
16:2218.10.2018
0
3983
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň