Soňky habarlar

Arhiw

Türkmeniistanyň döredijilik we medeniýet işgärleri Medeniýet günlerini geçormek üçin Täjigistana ugrady

18:3814.10.2018
0
5071

Aşgabat, 13-nji oktýabr. Paýtagtymyzyň demir ýol menzilinde türkmen wekiliýetini ýurdumyzyň Medeniýet günlerine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna ugratmak dabarasy boldy. Medeniýet günleri iki halkyň arasynda dostluk gatnaşyklarynyň berkidilmegine, dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge möhüm goşant bolar.

Ýolagçy düzümi görnüşindäki häzirki zaman kerweni Beýik Ýüpek ýolunyň Gündogara tarap ugruny täzeden dikeldip, Mary we Lebap welaýatlarynyň çäklerinden geçdi. Mary we Türkmenabat şäherleriniň demir ýol menzilinde olar duz-çörek bilen garşylanyldy, aýdym-saz we tans toparlary köpöwüşginli çykyşlary guradylar.

Dabara gatnaşyjylar öz çykyşlarynda durmuşa geçirilýän “Açyk gapylar” syýasaty, Beýik Ýüpek ýolunyň täze görnüşde dikeldilmegine goşýan uly goşandy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Milli Liderimiziň oňyn syýasaty netijesinde sebitiň we dünýäniň ýurtlary bilen berk syýasy, ykdysady we ynsanperwerlik gatnaşyklary çuňlaşdyrylýar.

Bu ýere ýygnanan ýaşaýjylar hem-de döredijilik işgärleri Türkmenistanyň wekillerine ak ýol hem-de iki döwletiň doganlyk halklarynyň arasynda özara düşünişilmegini pugtalandyrmak boýunça medeni wezipäni üstünlikli ýerine ýetirmegi arzuw etdiler.

Biziň wekiliýetimiziň düzümine Medeniýet we Bilim ministrlikleriniň wekilleri — paýtagtymyzyň we welaýatlarymyzyň muzeýleriniň hem-de kitaphanalarynyň işgärleri, şeýle hem Watanymyzyň dürli künjeklerinden sungat ussatlary girizildi.

Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň maksatnamasynyň çäklerinde Duşenbede guraljak çärelerden başga-da, köp sanly türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan Dusti şäherçesine baryp görmek meýilleşdirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň