Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda oba hojalyk önümlerini öndürjilere beriljek ýer gaznasynyň möçberi tassyklanyldy

13:0113.10.2018
0
9293

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek boýunça kabul edilen çözgütleri durmuşa geçirmek, ýurdumyzda ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak hem-de oba hojalygyna hususy önüm öndürijileri giňden çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň paýdarlar jemgyýetleri, daýhan hojalyklary, beýleki ýuridik şahslary hem-de raýatlary üçin oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberi tassyklanyldy.

Resminama bilen ýokarda görkezilen ýörite ýer gaznasyndan ýer böleklerini, olaryň sürümli ekerançylykda peýdalanylýan we ekin dolanyşygyna girizilen ýerleriniň azyndan 70 göteriminde şertnamalaýyn esasda bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk ekinlerini, galan böleginde bolsa ylmy esasda ekin dolanyşygyny geçirmek üçin döwlet tabşyrygyna girmeýän oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de berlen umumy ýer bölegi üçin döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinleriniň hasylyny öndürmek boýunça bellenen meýilnamany doly ýerine ýetirmek şertinde önüm öndürijilere 99 ýyla çenli peýdalanmaga bermek tabşyryldy.

Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti welaýatlaryň häkimlikleri bilen ylalaşyp, Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyndan Türkmenistanyň paýdarlar jemgyýetlerine, daýhan hojalyklaryna, beýleki ýuridik şahslaryna hem-de raýatlaryna ýer böleklerini bölüp bermegiň hem-de ondan peýdalanmagyň Tertibini işläp taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň