Soňky habarlar

Arhiw

Aziýa çempionaty - 2019-da dördünji oýunçy çalşygyna rugsat berler

22:4312.10.2018
0
1480

Championat.asia saýtynyň ýazmagyna görä, indiki ýylyň başynda Birleşen Arap Emirliklerinde geçiriljek futbol boýunça Aziýa çempionatynda oýnyň dowamynda dördünji oýunçy çalşygyna rugsat berler.

Aziýa kubogyna şu gezek taryhda ilkinji ýola 24 milli ýygyndy gatnaşýar. Olaryň arasynda Türkmenistanyň futbol ýygyndysy hem bar. FIFA-nyň göreldesine eýeren AFK hem Aziýa kubogynda dördünji oýunçy çalşygyny geçirmäge rugsat berdi. Bu karara AFK-nyň ýakynda geçirilen mejlisinde gelindi.

Ýaryşyň pleý-of tapgyryndan başlap, eger duşuşyklaryň netijesi goşmaça wagta galsa, şol goşmaça 30 minutlyk wagtda toparlara dördünji oýunçyny hem çalyşmaga rugsat berler. Şu ýylyň tomsunda Russiýada geçirilen dünýä kubogynda bu ususlyň ulanylandygy okyjylarymyzyň ýadyndadyr.

Mundan ozal bu usuly Indoneziýada geçirilen U-19 Aziýa çempionatynda, zenan futbolçylaryň arasyndaky U-19 Aziýa çempionatynda ulanan AFK indiki ýyl Aziýanyň çempionlar ligasynyň hem-de AFK-nyň kubogynyň pleý-of duşuşyklarynda, 2020-nji ýylda Tailandda geçiriljek U-23 Aziýa çempionatynda dördünji oýunçyny çalyşmaga rugsat berjekdigini hem habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň