Soňky habarlar

Arhiw

“Gap Inşaat” Aşgabatda Halkara estetiki bejeriş merkezini gurar

22:5211.10.2018
0
8283

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, ilata ýöriteleşdirilen estetiki bejeriş hyzmatlaryny etmek we Aşgabat şäherinde awtoulaglary saklamak boýunça üpjünçilik ulgamyny dünýä derejesinde ösdürmek, şeýle hem dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş desgalaryny gurmak işlerini dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine “Gap Inşaat, Ýatirim ve Diş Ticaret A.Ş.” türk kompaniýasy bilen Aşgabat şäherinde:

— Halkara estetiki bejeriş merkeziniň taslamasyny düzmek hem-de ony döwrebap lukmançylyk enjamlary, ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş serişdeleri bilen üpjün etmek, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp, hünärmenleri ýörite taýýarlamak şertinde gurmak barada şertnamany;

240 orunlyk köp gatly awtoduralganyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2018-nji ýylyň noýabr aýynda başlamak we desgalary 2020-nji ýylyň iýul aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň