Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk işleriniň barşy bilen tanyşdy

23:5510.10.2018
0
7631

 10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiýa şäherjigine baryp gördi. Milli Liderimiz bu ýerde agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk işleriniň barşy, hususan-da, sport desgalarynyň bezelişi hem-de olaryň ulanylyşy bilen, Olimpiýa şäherjiginiň desgalarynda — dünýä birinjiliginiň esasy çäreleriniň geçiriljek ýerinde türgenler üçin şertleriň döredilişi we ýaryşlary ýokary derejede guramak ugrunda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Olimpiýa şäherjiginiň desgalarynyň bu iri ýaryşlara taýýarlyk derejesi bilen tanyşlygyny türgenler üçin naharhana baryp görmekden başlady.

Bu ýerde ýokary halkara ölçeglerine hem-de sagdyn iýmitlenmegiň talaplaryna laýyk gelýän birinji we ikinji naharlaryň dürli görnüşleri, türkmen topragynda ösüp ýetişýän ekologiýa taýdan arassa, tagamy boýunça deňi-taýy bolmadyk gök önümlerden taýýarlanan işdäaçarlar, üzümler we bakja önümleri hödürlener.

Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew milli Liderimize dünýä çempionatyna gatnaşýan türgenler, tälimçiler we beýleki myhmanlar üçin sagdyn iýmitlenmek üçin döredilýän şertler barada hasabat berdi, myhmanlara türkmen aşpezlik däp-dessurlar bilen ýakyndan tanyşmaga-da mümkinçilik dörediler.

Soňra döwlet Baştutany Olimpiýa şäherjiginiň mejlisler zaly we myhmanahana, toplumdaky ýaşaýyş jaýlarynyň şäher ilatyna berlişi, hem-de söwda merkeziniň işi bilen tanyşdy. Milletiň Lideri bu wezipeler boýunça alnyp barylýan işler bilen jikme-jik gyzyklandy.

Milli Liderimiz agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynyň guraljak 15 müň tomaşa niýetlenen sportuň oýun görnüşleri toplumyna bardy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanşyp, iri sport baýramçylygyny alamatlandyrýan dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belläp, bu babatda ähli zerur çäreleriň görülmelidigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaryşlaryň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk işleriniň derejesine-de ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda ýakynda dünýä derejeli ýaryşlar geçiriler. Türkmen paýtagtyna daşary ýurtly myhmanlaryň müňlerçesi — sport wekiliýetleri, tomaşaçylar, žurnalistler geler, şol sebäpli hem çempionatyň başlanmagyna aýdyň we ýatda galyjy tomaşa öwrülmegi hem-de dabara gatnaşyjylaryň ählisiniň hemişelik ýadynda galmagy şeýle hem bütin dünýä Türkmenistany özi üçin täzeden açmaga mümkinçilik döreder ýaly ähli meseleler içgin işlenilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz bu ýaryşlaryň ýokary hil derejesinde beýan edilmegi üçin köpsanly habar beriş serişdeleriniň wekilleri iş gurşawynyň göwnejaý derejede guralmagyna möhümdigini belledi. Metbugatda, teleradioýaýlymlarda, onlaýn görkezişlerinde dessin habar bermek, ygtybarlylyk, many-mazmunlylyk hem-de aýanlyk köp babatda bütin dünýäniň tomaşaçylarynyň bu çempionatyň guralyş derejesi we umuman Türkmenistan barada garaýyşlaryny kesgitlär.

Soňra döwlet Baştutanymyz Olimpiýa şäherjiginiň başa-baş söweş sungaty toplumyna bardy, bu toplumda çempionatyň esasy ýaryşlary geçiriler, şeýle hem bu ýerde milli Liderimiziň garamagyna toplumy bezemegiň taslamalary we çyzgylary hödürlenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olar bilen içgin tanşyp, bezeg boýunça birnäçe bellikleri aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi.

Toplumda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň amatly işlemek üçin göwnejaý enjamlaşdyrylan metbugat merkezi döredildi, onda ýörite tapawutlandyrylan ýokary tizlikli internet gurnaldy we mejlisler zaly göz öňünde tutuldy. Sport toplumynda häzirki zaman, ýöriteleşdirilen lukmançylyk kömegini bermek üçin zerur bolan enjamlar bilen üpjün edilen birnäçe lukmançylyk nokady bar.

Döwlet Baştutanymyz halkara kadalaryň üýtgewsiz berjaý edilmeginiň ýokary derejeli ýaryşlary geçirmegiň aýrylmaz talaby bolup durýandygyny belläp, bu ýerde degişli kadalara laýyklykda ýaryşlary birkemsiz geçirmek üçin ähli şertleriň göz öňünde tutulmalydygyny tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport toplumynyň daşky bezegi, mahabatlandyryş bannerleri, dünýä birinjiliginiň nyşanlary, Wepaly atly alabaýyň heýkeljigi barada aýdyp, türkmen alabaýynyň ähli döwürlerde adamynyň wepaly dosty we kömekçisi bolandygynyň, şonuň üçin hem Wepalynyň ýurdumyzda geçirilýän iri ýaryşlaryň nyşany bolmalydygyny belläp, alabaýyň şekilleriniň döredilmegine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz agyr atletikaçynyň keşbindäki Wepalynyň heýkeljiginiň hakykata has ýakyn bolmalydygyny, sportuň bu görnüşiniň aýratynlygyny aýdyň äşgär etmelidigini belledi. Bu sowgatlyklar çempionata gatnaşyjylar we myhmanlar üçin ýakymly ýadygärlik, şol sebäpli hem olaryň görnüşi ýakymly hem-de çeperçilik häsiýetine eýe bolmalydyr. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz mahabatlandyryş bannerleri we şygarlar babatynda olaryň has sazlaşykly hem-de sport ruhuna ýugrulmalydygy barada birnäçe maslahatlar berdi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer P.Agamyradowa hem-de sport we ýaşlar syýasaty ministri D.Gulgeldiýewe agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny guramak babatynda tabşyryklary bermek bilen, bu ýaryşlaryň ýurdumyzyň we bütin dünýäniň sport durmuşynda möhüm ähmiýetli waka öwrüljekdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz türkmen türgenleriniň türgenleşik geçmekleri üçin iň amatly şertleriň döredilmeginiň zerurdygy barada aýdyp, AFK — 2018 kubogy ugrundaky ýaryşlaryň finalyna çykan “Altyn asyr” futbol toparynyň abraýly baýrak ugrundaky aýgytlaýjy duşuşyga nähili taýýarlyk görýändigi bilen hem gyzyklandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň