Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen türgeni Aziýa paralimpiýa oýunlarynda bürünç medaly eýeledi

15:4110.10.2018
0
4301

Indoneziýanyň paýtagtynda geçýän Aziýa paralimpiýa oýunlarynda türkmenistanly türgen Sergeý Meladze şu gün pauerlifting boýunça ýaryşlarda bürünç medaly eýeledi.

S.Meladze halkara ýaryşlarynyň ençeme gezek baýrak eýesi bolmak bilen, 72 kilograma çenli agram derejesinde ilkinji üç synanyşygyň çäklerinde agramy kesgitledi. Ol 182 kilogram agram bilen birinji synagyň hötdesinden geldi. Indiki gezekde ol 185 kilogramy üstünlik bilen götermegi başardy. 187 kilogramlyk agramy götermek üçin çykan jemleýji synanyşygy biziň türgenimiz üçin şowsuz tamamlandy.

Ýaryşda ildeşimize Aziýanyň iň güýçli ştangaçylarynyň onusy garşydaş boldular, ýöne ussatlygynyň hem-de ýeňşe bolan erkiniň netijesinde S.Meladze hormat münberiniň üçünji basgançagyny eýeledi. Ildeşimiz Täjigistandan hem-de Ýaponiýadan gelen türgenlerden 14 kilogram öňe geçmegi başardy. Diňe 2016-njy ýyldaky paralimpiýa oýunlarynyň baýrak eýesi hem-de dünýä Kubogynyň ýeňijisi ýokary netije görkezdiler.

Sergeý Meladzeniň iri halkara ýaryşlarynda çykyş etmekdäki uly tejribesini bellemek gerek: ol Londondaky, Rio-de-Žaneýrodaky paralimpiýa oýunlaryna hem-de dünýä çempionatlaryna gatnaşypdy. 2018-nji ýylyň başynda biziň agyr atletikaçymyz Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilen mümkinçilikleri çäkli bolan türgenleriň arasynda pauerlifting boýunça dünýä Kubogy ugrundaky ýaryşyň kümüş baýragynyň eýesi boldy.

Jakartada gazanylan medal hormatly Prezidentimiziň goldaw bermegi bilen sportuň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýän ýurdumyzyň paralimpiýaçylarynyň taýýarlygynyň ýokary derejedediginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Indoneziýadaky Aziýa paralimpiýa oýunlary dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň