Soňky habarlar

Arhiw

Awazada halkara syýahatçylyk sergisi we maslahat öz işine başlady

04:2210.10.2018
0
6310

9-njy oktýabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara syýahatçylyk sergisi açyldy. Onuň çäklerinde bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça maslahat geçirilýär.

Türkmenistana bu foruma gatnaşmak üçin 26 döwletiň: Russiýanyň, Hytaýyň, ABŞ-nyň, Kanadanyň, Awstraliýanyň, Germaniýanyň, Şweýsariýanyň, Belgiýanyň, Ispaniýanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Owganystanyň, Pakistanyň, Siriýanyň, Türkiýäniň, Bolgariýanyň, Latwiýanyň, Belarusuň, Ukrainanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň wekilleri geldiler. Has köp adamly wekiliýetler goňşy Özbegistandan hem-de Niderlandlardan geldi.

“Seýrana” myhmanhanasynda ýaýbaňlandyrylan serginiň açylmagy folklor toparlarynyň ýerine ýetirmegindäki aýdym-sazly çykyşlaryň başyny başlady.

Sergide daşary ýurtlaryň syýahatçylyk agentlikleri, myhmanhana işewürliginde hem-de beýleki garyşyk ugurlarda işleýän guramalar we kärhanalar, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň bölümleri, bu ugurda ýöriteleşen hususy kompaniýalaryň onlarçasy, Awazanyň myhmanhanalary öz diwarlyklaryny görkezdiler. Sergi häzirki zamanyň syýahatçylyk hyzmatlarynyň giň gerimini hem-de bu ulgamda Türkmenistanyň örän uly mümkinçiliklerini görkezýär. Şolar baý taryhy-medeni mirasa, tebigy gözellikleriň we täsin serişdeleriň köpdürlüligine esaslanýar.

Maslahat özara gatnaşyklaryň geljegine bagyşlanyldy. Onuň umumy mejlisiniň çäklerinde türkmen tarapynyň wekilleri daşary ýurtly kärdeşlerini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň syýahatçylyk toplumyny dünýä belentligine çykarmak hem-de Türkmenistany halkara syýahatçylygynyň iri merkezine öwürmek boýunça strategiýasy bilen tanyşdyrdylar.

Daşary ýurtly foruma gatnaşyjylar öz tekliplerini, pikirlerini hem-de taslamalaryny hödürläp, syýahatçylyk ýaly ünsi çekýän ulgamda türkmen hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklary giňeltmäge we işjeňleşdirmäge artýan gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň