Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda aragatnaşyk we maglumatlar babatda bilermenleriň mejlisi geçirilýär

18:4509.10.2018
0
4847

“Arçabil” myhmanhanasynda “Uniwersitetlerde we ylmy-barlag institutlarynda intellektual eýeçilik syýasaty” atly halkara okuw maslahaty öz işine başlady. Maslahat Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasy (BIEG) tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet intellektual eýeçilik gullugy bilen hyzmatdaşlykda guraldy.

Foruma Ylymlar akademiýasynyň, Tehnologiýalar merkeziniň, Himiýa ylmy-barlag institutynyň, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň wekilleri hem-de halkara bilermenler, BIEG-iň, Oksford uniwersitetiniň hem-de Täjigistanyň we Özbegistanyň degişli edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Bu waka mynasybetli Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň uly wekiliýeti Aşgabada geldi. Bu guramanyň 50 ýyldan gowrak taryhy bardyr we şu ulgamda esasy halkara konwensiýalaryny döretmek bilen meşgullanýar. Häzirki döwürde BIEG-e dünýäniň 190-dan gowrak ýurdy, şol sanda Türkmenistan girýär.

Okuw maslahatynda garalan esasy meseleler BIEG-iň işi we innowasion ösüşi goldamak babatda soňky özgerişlikler, şunda intellektual eýeçiligiň orny, Türkmenistanyň uniwersitetlerinde hem-de ylmy-barlag edaralarynda intellektual eýeçilik ulgamynda durmuşa geçirilýän syýasat bilen bagly boldy.

Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň geçiş we ösýän ýurtlar boýunça departamentiniň direktorynyň orunbasary Jowanni Napolitano forumda çykyş edip, Türkmenistanyň sazlaşykly we elýeterli halkara ulgamyny ösdürmek boýunça halkara syýasatyna işjeň goşulyşmak bilen, döredijilik işini, innowasiýalary höweslendirýändigini hem-de jemgyýetiň bähbitlerine ykdysady ösüşe saldamly goşant goşýandygyny belledi.

Maslahatyň çäklerinde BIEG-niň soňky ýyllardaky işi, innowasion işde intellektual eýeçiligiň orny, Türkmenistanyň uniwersitetlerinde we ylmy-barlag edaralarynda intellektual eýeçilik ulgamynda syýasat bilen baglanyşykly tanyşdyryş çäreleri guraldy. Mundan başga-da, forumyň çäklerinde tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikler guraldy. Şolarda bu syýasaty işläp taýýarlamagyň ýollary, sebitde intellektual eýeçiligi goramak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Özara gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň barşynda oňa gatnaşyjylar sebit hyzmatdaşlygynyň uly kuwwatyny bellediler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan 2011 — 2030-njy ýyllar üçin durmuş-ykdysady ösüşiň milli maksatnamasy babatda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegine oňyn baha berdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň