Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti «Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahatyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi

10:0809.10.2018
0
4965

Döwlet Baştutanynyň Gutlagy:

“Hormatly sergä we maslahata gatnaşyjylar!

Gadyrly jahankeşdeler!

Sizi «Türkmenistan — Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän «Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!” diýen sözler bilen başlaýar.

Şeýle hem milletiň Lideri Hazaryň türkmen kenarynda geçirilýän halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatynyň ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagyndaky mümkinçiliklerini bütin dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýandygyny aýdýar.

“Gojaman Hazaryň kenarynda geçirilýän bu halkara çäräniň täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de ýola goýmaga, ýurdumyzyň we dünýäniň iş tejribesine innowasion çemeleşmeleri üstünlikli ornaşdyrmaga, halkara syýahatçylyk ulgamynda geljegi uly bolan merkez hökmünde Türkmenistanyň abraýyny artdyrmaga ýardam etjekdigine berk ynanýaryn” diýlip, döwlet Baştutanynyň Gutlagynda aýdylýar.

Sözüniň ahyrynda milletiň Lideri «Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, bu dabaralara gatnaşyjylara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, syýahatçylyk ulgamyny ösdürmekde alyp barýan tutanýerli we belent maksatly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň