Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Gökdepede we Bäherdende täze desgalaryň düýbüni tutmak dabaralaryna gatnaşdy

23:5708.10.2018
0
6975

 8-nji oktýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Serdar Berdimuhamedow Gökdepe etrabynyň Köpetdag we Owadandepe geňeşlikleriniň çäklerinde täze döwrebap obalaryň hem-de Bäherden etrabynda çeper halyçylyk kärhanasynyň düýbüni tutmak dabaralaryna gatnaşdy.

Gökdepe etrabynyň Köpetdag we Owadandepe geňeşlikleriniň çäklerinde her biriniň meýdany 108 gektara barabar bolan iki sany iri ýaşaýyş toplumy gurlar, olaryň her birinde 400 öýi gurmak meýilleşdirilýär. Her oba 2 müň adamyň ýaşamagyna niýetlenendir.

Olaryň 100-si bäş otagly, 200-si dört otagly hem-de ýene 100-si üç otagly öýlerdir, olaryň taslamasy düzülende obalylaryň ýaşaýyş-durmuş aýratynlyklary göz öňünde tutuldy. Her öýüň ýanynda mellek ýerleri, şol sanda hojalyk zerurlyklary üçin telärler, awtoulag üçin jaýlar hem-de inžener-tehniki düzümler göz öňünde tutulýar. Bilim we saglygy goraýyş ulgamynyň edaralaryny ýörite enjamlar bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär. Geňeşlikleriň edara binalary hem-de söwda merkezleri hem häzirki döwrüň iň ýokary talaplaryna kybap geler.

Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň düýbüniň tutulmagy hem şu günüň möhüm wakasy boldy.

Desga Bäherden etrabynyň merkezinde gurlar. Bu taslama ýurdumyzyň gurluşyk edaralary tarapyndan amala aşyrylar. Onuň durmuşa geçirilmegi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň sebitlerini toplumlaýyn ösdürmegiň giň gerimli maksatnamasynyň tapgyrlarynyň biri bolar. Dokma senagaty ministrliginiň “Türkmenhaly” önümçilik birleşiginiň ýylda 600 inedördül metrden 1650 inedördül metre çenli haly we haly önümlerini çykarmaga niýetlenen kärhanasy içerki bazarlarda bu önüme bolan ägirt uly islegleri kanagatlandyrmaga, onuň ep-esli bölegini daşary ýurtlara ibermäge mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň