Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly ýaş aýdymçy gyz Bakuda geçirilen çagalar festiwalynda ýeňiş gazandy

11:1207.10.2018
0
1887

Türkmenistanly ýaş aýdymçy Humaý Kakaýewa Azerbaýjanyň paýtagtynda çagalaryň arasynda geçirilen halkara “Mugam” festiwalynda ikinji orna mynasyp boldy. Ol bu festiwalda “Ýelepeselendi” atly türkmen aýdymyny we azerbaýjan halkyna degişli bolan “Gel, gel, gara göz!” atly aýdymy ýerine ýetirdi.
Aýdym-saz festiwalynyň baş baýragyna ýer eýeleriniň wekili Kanan Başirli mynasyp boldy. Birinji orny bolsa azerbaýjanly we müsürli ýaş ýerine ýetirijiler paýlaşdylar.
Festiwalyň bäsleşik tapgyryndan soň, oňa gatnaşyjylar we ýeňijiler Bakuwyň Halkara mugam merkezinde gala-konsert bilen çykyş etdiler. Halkara festiwalyň ýeňijilerine Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Festiwalyň eminleriniň arasynda türkmenistanly sungat işgärleri hem boldy.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň