Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentine ABU-nyň Güwanamasy, baýragy we ýadygärlik nyşany gowşuryldy

19:3005.10.2018
0
4127

Türkmenistanyň Mejlisiň Başlygynyň, hökümet agzalarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa sebitde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ösdürilmegine goşan uly goşandy üçin Güwänamany, baýragy we ýadygärlik nyşanyny gowşurmak dabarasy boldy.
ABU-nyň Baş sekretaryna söz berildi, ol milli Liderimizi we ýygnananlaryň hemmesini Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisiniň ak mermerli türkmen paýtagty – Aşgabatda öz işine başlamagy bilen gutlady. Şunuň bilen baglylykda, jenap Jawad Mottagi döwlet Baştutanymyza bu forumyň geçirilmegine uly gyzyklanma bildirendigi hem-de onuň guralmagyna goldaw berendigi, iň amatly şertleriň döredilendigi we myhmansöýerlik üçin aýratyn hoşallyk bildirdi.
Milli Liderimiz ilki bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmäge ýurdumyzyň goşan goşandy üçin, Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň Güwänamasyny, baýragyny we ýadygärlik nyşanyny gowşurandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu halkara sylaglary teleradiogepleşikler babatda biziň tagallalarymyzyň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň ýene-de bir aýdyň şaýadydygyny, ýurdumyza ynamyň we gazanan üstünliklerimiziň ykrar edilmeginiň nyşanydygyny belledi.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň