Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen we demirgazyk koreýaly futbolçylaryň AFK-nyň kubogyyň interzonal finalynda geýjek lybaslary belli boldy

21:1502.10.2018
0
4347

2-nji oktýabrda “Arçabil” myhmanhanasynyň konferens zalynda AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginde duşuşýan toparlaryň – “Altyn Asyr” bilen “Aprel 25” toparlarynyň resmi wekilleriniň hem-de şu oýna dahylly resmi adamlaryň gatnaşmagynda oýnuň öňýanyndaky ýygnanyşyk geçirildi.

Şeýle-de, ýygnanyşygyň dowamynda ertirki oýunda toparlaryň meýdança çykjak köýnekçeleri mälim edildi. “Altyn Asyr” topary ýer eýesi hökmünde adaty gök, “Aprel 25” topary bolsa ak köýnekçede çykyş eder.

AFK-nyň kubogynyň interzolagynyň finalynyň jogap oýnunyň (“Altyn Asyr” – “Aprel 25”) 3-nji oktýabrda paýtagtymyzyň “Köpetdag” stadionynda geçirilýändigini ýatladýarys.  Bu duşuşyk 17:00-da başlanar.

Ýeri gelende aýtsak, interzolagyň birinji ýarym finalynda “Altyn Asyr” myhmançylykda 2:2 hasabynda deňme-deň oýnady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň