Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy - 2018: Aşgabatdaky ýarym finala BAE-li hünärmenler eminlik eder

17:3101.10.2018
0
3151

FIFA-nyň emini Ammar Aly Abdulla Jumaa Aljneibiniň ýolbaşçylygyndaky BAE-li eminler topary ýurdumyzyň çempiony “Altyn Asyryň” AFK-nyň Kubogy 2018-iň sebitleýin finalyndaky jogap duşuşygynda eminlik ederler. 3-nji oktýabrda Aşgabatda “Altyn Asyryň” Demirgazyk Koreýanyň “Aprel 25” topary bilen geçirjek duşuşygynda Ammar Alynyň kömekçileri hökmünde Ahmed Saeed Ahmed Alasal Alraşdi hem-de Zaýed Dawood Salman Kamal çykyş ederler. Duşuşygyň ätiýaçdaky emininiň wezipesini FIFA-nyň emini Sultan Abdulrazzag Ibrahim Almarzug ýerine ýetirer.  

Bu duşuşygyň gözegçi emini Alghamdi Khalil Ibrahim (Saud Arabystany), duşuşygyň komissary malaýziýaly Jeýsing Gnana Kannu Muthiah bolar.

Ýeri gelende aýtsak, AFK-nyň Kubogynyň Interzolagynyň finalynyň birinji duşuşygynda “Aprel 25” bilen “Altyn Asyr” toparlarynyň arasynda Phenýanda geçirilen birinji duşuşyk 2:2 hasabynda deňlikde tamamlanypdy. Bu toparlaryň arasyndaky jogap oýny 3-nji oktýabrda Aşgabat şäheriniň “Köpetdag” stadionynda geçiriler. Bu duşuşyk 17:00-da başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň