Soňky habarlar

Arhiw

TÝL - 2018: myhmançylykda "Merwi" ýeňen "Ahal" ýene ýaryşyň lideri

23:4429.09.2018
0
1090

Ýakynda eýeleýän birinji ornuny “Altyn Asyra” gideren “Ahal” topary 22-nji tapgyrda arzyly orna dolandy. Myhmançylykda “Merw” bilen duşuşan “Ahal” netijeli urgularyň 5-sini geçirmegi başardy. Öz derwezesinden bary-ýogy iki top goýberden “Ahal” 47 utugy bilen ýaryş tertibinde birinji orna geçdi.

Ýaryş tertibinde ikinji orny eýeleýän “Altyn Asyryň” garşydaşyna garanyňda iki duşuşygy az geçirendigini aýtmak gerek. AFK-nyň Kubogyna gatnaşýandygy sebäpli iki tapgyryň duşuşygyny soň geçirmeli “Altyn Asyr” häzirki wagtda 45 utuk toplady.

22-nji tapgyryň duşuşyklary 29-njy sentýabrda “Energetik” – “Şagadam” hem-de “Aşgabat” – “Nebitçi” toparlarynyň arasyndaky duşuşyklar bilen dowam eder.

 

22-nji tapgyrda geçirilen duşuşygyň netijesi:

 “Merw” – “Ahal” – 2:5

Gollar: Şanazar Tirkişow 74, Begenç Allamow 87 (11 m.j.u.)(“Merw”) – Elman Tagaýew 43, 45+1 (11 m.j.u.), Yhlas Saparmämmedow 49, 78, Nurýagdy Muhammedow 73 (“Ahal”)

Duýduryşlar: Wezirgeldi Ylýasow 8, Abdy Bäşimow 29 (“Ahal”)

Geçirilen ýeri: “Sport desga” stadiony (Mary wel. Baýramaly etr.)

Duşuşygyň emini: Çarymyrat Gurbanow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: Raşid Pälwanow (Daşoguz ş.)

Tomaşaçy sany: 500

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň