Soňky habarlar

Arhiw

«Parahat» hususy kärhanasy «Tetra Pak» kompaniýasy bilen bilelikde uly taslamany durmuşa geçirdi

14:1224.09.2018
0
4857

Ýakynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda «Parahat» hususy kärhanasy tarapyndan «Tetra Pak» kompaniýasy bilen bilelikde süýt önümlerini öndürýän kärhana gurlup ulanylmaga berildi. Bu süýt önümlerini öndürýän kärhanada ýylda 16,5 million litr süýt önümlerini öndürmäge şert döredilen.
Merkezi ofisleri Şwesiýada ýerleşýän dünýä belli «Tetra Pak» kompaniýasy, esasy, azyk iýmitleriniň gabyny öndürmekde meşhurlyga eýedir. Bu abraýly kärhana 1951-nji ýylda Ruben Rausing we Erik Wallenberg tarapyndan Şwesiýanyň Lund sebitinde işe girizilýär.
Dünýäde ýüzlerçe kompaniýalar bilen iş alyp barýan bu abraýly şereketiň biziň ýurdumyzda hem hyzmatdaşlyk etmegi ykdysady ösüşleriň aýdyň geljeginiň şöhlelenmesidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň