Soňky habarlar

Arhiw

Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty — 2018: Ukrainanyň çempiony Aşgabatda-da üstünlik gazanmak isleýär

13:4024.09.2018
0
2059

Ukrainaly agyr atletikaçy zenan, ýurduň absolýut çempiony Anastasiýa Lysenko noýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşar. Tejribeli tälimçi Ýuriý Kuçinowyň şägirdi bu hukugy 12 — 16-njy sentýabr aralygynda geçirilen ýurduň çempionatynda görkezen ajaýyp netijesinden soň gazandy.

— Nastýa öz agram derejesinde örän gowy netijeleri görkezýär. Ol häzirki wagtda dört rekordyň eýesi. Şolaryä ikisini itekläp götermekde, galan ikisini hem silkip götermekde goýdy. Onuň indiki maksady Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionatynda gowy netije görkezip, utugyny artdyryp, 2020-nji ýyldaky Tokio Olimpiadasyna gatnaşmak — diýip, tälimçi ezber şägirdi hakynda gürrüň berýär.

Anastasiýa Lysenkonyň ozalky gazanan halkara ýeňişleriniň arasynda Ýewropa çempionatynyň iki sany kümüş medalyny we sebitiň 23 ýaşa çenli ýetginjekleriniň arasyndaky ýaryşda gazanan çempionlygyny görkezip bileris. 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň