Soňky habarlar

Arhiw

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 79-sy hasaba alyndy

21:0722.09.2018
0
3888

Daşary ýurt puluna ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan, Latwiýadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, aşa gyzdyrylan nebit koksuny, dizel ýangyjyny we uçar kerosinini satyn aldylar. Owganystandan gelen işewürler şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Russiýanyň işewürler toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny bolsa polipropilen düzdi. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna reňksiz list aýna, nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa Federasiýasy, BAE, Türkiýe, Ermenistan, Gyrgyzystan, Özbegistan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 185 million 275 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan, Hytaýdan, Şotlandiýadan we Türkiýeden gelen işewürler umumy bahasy 5 million 591 müň manatlykdan gowrak nah ýüplük satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň