Soňky habarlar

Arhiw

“Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyň dowamy çapdan çykdy

18:5522.09.2018
0
20796

21-nji sentýabrda Mukamlar köşgünde hem-de Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde daşary ýurtlaryň birnäçesiniň ylmy-okuw merkezleriniň hormatly doktory, professor, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary boldy. Olara hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary, ylmyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet işgärleri we sungat ussatlary, ýaşulular we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynda Beýik Ýüpek ýoluna özboluşly taryhy-medeni hadysa hökmünde seredilýär. Awtor eserinde Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň — asyrlaryň gymmatlyklarynyň aýawly saklanýan we hormatlanýan ýurdunyň mysalynda gadymy dünýäniň täsinliginiň nähili çuňňur yz galdyrandygyny gürrüň berýär.

“Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly eseriň ikinji kitabynda döwlet Baştutanymyz anyk taryhy çeşmelerden toplanan takyk maglumatlara, arheologiýa we binagärlik ýadygärliklerine, täsin suratlara, etnografik gymmatlyklara daýanmak arkaly ýurdumyzyň tutuş adamzadyň ösüşine güýçli täsirini ýetiren Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregine öwrülmegindäki taryhy ornuna baha berýär. Milli Liderimiziň täze işinde türkmen halkynyň dünýä medeniýetiniň ösüşine goşan bahasyna ýetip bolmajak goşandy baradaky pikir ýöretmelere aýratyn orun berilýär.

Awtoryň döredijilik pikiri: “Jeýhundan Hazara çenli”, “Günortadan Demirgazyga tarap ugur” atly bölümleriň içindäki «Amul — Merw», «Merw — Nusaý», «Parfiýadan Girkaniýa çenli”, “Zemm — Gürgenç”, “Hyratdan Merwe ýol”, «Köpetdagdan Üstýurda çenli” atly baplary özünde jemleýän bu kitabyň gurluşynda-da öz giň beýanyny tapýar. Türkmenistanyň uzaýan çäginiň bu özboluşly syny gadymy döwürlerden bäri söwda we medeni ýollaryň merkezinde ýerleşen ýurdumyzyň şäherlerini we taryhy ýerlerini birleşdirýän Beýik Ýüpek ýolunyň “geografiýasyny” özünde jemleýär.

Dabara gatnaşyjylar Beýik Ýüpek ýolunyň aýratynlygyny öwrenmekde milli Liderimiziň ägirt uly ornuny bellediler. Çykyş edenler eseriň maglumatlara baýlygy, çuňňur we aýdyň beýan edilişi bilen tapawutlanýan “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň ylmy gymmatyny we amaly ähmiýetini bellediler.

Dabara tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar milli Liderimize Ýüzlenme kabul edip, hormatly Prezidentimize alyp barýan köpugurly işleri, şol sanda mähriban halkymyzyň ruhy-ahlak däplerini aýawly saklamak we artdyrmak boýunça işleri üçin, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmenistanlylaryň abadançylygy hem-de ata Watanymyzyň gülläp ösmegi barada tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Täze kitap bolsa ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek işinde gymmatly nusgalyk bolup hyzmat eder.

Mukamlar köşgüniň hem-de Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň eýwanlarynda sergiler guralyp, olarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazan kitaplary, ylmy işleri, düýpli köp neşirlik işleri aýratyn orun eýeledi. Bu ýere ýygnananlar ýurdumyzyň üstünliklerini we gazananlaryny görkezýän dürli neşirler bilen tanyşdylar. Olar milli Liderimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alan giň gerimli özgertmeler netijesinde mümkin boldy. Şeýle hem türkmen halkynyň gadymy taryhy we baý medeniýeti barada gürrüň berýän şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň nusgalary görkezildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň