Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Serdar Berdimuhamedow Kaka etrabynda täze saglyk merkezleriniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

17:5522.09.2018
0
7584

21-nji sentýabrda Kaka etrabynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygy mynasybetli saglygy goraýyş ulgamynyň täze desgalarynyň açylyş dabaralary boldy.

Bu dabaralara Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, milli parlamentde Ahal welaýatynyň ýaşaýjylarynyň bähbidine wekilçilik edýän Serdar Berdimuhamedow, welaýat we etrap häkimlikleriniň, saglygy goraýyş ulgamyna degişli düzümleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Kaka etrabynyň Duşak şäherçesindäki iki gatly çaga dogrulýan öý “Rysgally zähmet” hususy kärhanasy tarapyndan bina edildi. Täze gurlan çaga dogrulýan öýüň düzümine kabul ediş, çaga dogrulýan we çaga doglandan soň, göwreli aýallaryň patologiýasy, hirurgiýa, tiz bejeriş, anyklaýyş hem-de maslahat beriş bölümleri, şeýle hem barlaghana we beýlekiler girýär. Bu ýerde ýokanç keselleri bolan näsaglary aýratyn saklamak üçin otag göz öňünde tutuldy. Onda çagalara ilkinji lukmançylyk kömegini dessin bermek üçin ähli şertler döredildi.

Bu oba saglyk öýi «Medical Systems», «Cypress Diagnostics», «HEYER Medical», «Medical Econet», «Cobams», «Medical Electronics» ýaly ýapon we ýewropa kompaniýalarynyň öndüren, halkara ölçegleriň talaplaryna laýyk gelýän döwrebap enjamlary bilen üpjün edildi. Monitorlar arkaly geljekki eneleriň we çagalaryň ýürek urşuna, kislorodyň derejesine, beden gyzgynlygyna takyk gözegçilik etmek bolýar.

Bäbekhanada agramy ýetmeýän, wagtyndan öň doglan çagalara ideg etmek üçin enjam bar. Ol bäbek üçin amatly howany we çyglylygy saklamaga mümkinçilik berýär, täze doglan bäbekler olara örän duýgur bolýar, bu bolsa, olary saglyk üçin uly bolmadyk çylşyrymlaşmalar bilen sagaltmaga mümkinçilik berýär.

Şu gün açylan täze desgalaryň hatarynda Kaka etrabynyň Garahan obasyndaky saglyk öýi hem bar. Bu ýerde näsaglara ýokary derejeli bejeriş we anyklaýyş kömegini bermek, keselden soň dikeldiş işleri üçin ähli şertler döredildi. Maşgala lukmanlarynyň, terapiýa, hirurgiýa, stomatologiýa, immunologiýa, akuşerçilik we ginekologiýa, UZI, EKG, bejeriş-dikeldiş bedenterbiýesi, barlaghana we beýleki otaglar döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen upjün edildi.

Lukmanlaryň ygtyýarynda embrional doppler, anyklaýyş ultrases enjamy, elektrokardiograf, glýukometr ýaly dürli anyklaýyş enjamlary bar. Şolaryň kömegi bilen maşgala lukmanlary näsaglarda keselleriň anyklamasyny geçirerler.

Mundan başga-da, täze oba lukmançylyk edarasynda üpjünçiligi boýunça şäherdäkilerden pes bolmadyk barlaghana, fizioterapiýa bölümi, gündiz bejergi alynýan bölüm göz öňünde tutuldy. Lukmançylyk enjamlary Belgiýadan, Italiýadan, Koreýa Respublikasyndan, Polşadan we Slowakiýadan dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden satyn alyndy.

Çäreleriň barşynda işde tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan täze gurlan bäbekhana “UAZ 39629-016” kysymly “Tiz kömek” awtoulagy gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň