Soňky habarlar

Arhiw

"Nebitçi" janköýerleriniň arasyna ýeňiş bilen dolandy

22:1921.09.2018
0
1197

Dördünji aýlawa rowaýaty ady bilen girişen Balkanabadyň “Nebitçisi” ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 21-nji tapgyrynyň duşuşygynda öz meýdanynda paýtagtymyzyň “Köpetdagyny” 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Möwsümdäki 4-nji ýeňşini gazanan Balkanabadyň topary bu üstünliginden soň utugyny 14-e ýetirdi.

21 utugy bolan “Köpetdag” bolsa ýaryş tertibinde dördünji orna geçmek mümkinçiligini elden giderdi. Ýeňiş gazanan ýagdaýynda paýtagtymyzyň toparyna “Merwi” yzda galdyrmaga gowy mümkinçiligi bardy.

Futbol çempionatymyzyň XXI tapgyry 22-nji sentýabrda “Energetik” – “Ahal” hem-de “Aşgabat” – “Şagadam” toparlarynyň arasynda geçiriljek duşuşyklar bilen dowam eder.

21-nji tapgyryň geçirilen duşuşygy:

 “Nebitçi” – “Köpetdag” – 2:1

Gollar: Serdar Tukyýew 48, 71(“Nebitçi”) – Öwezbaý Muhammetmyradow 40 (“Köpetdag”)

Duýduryşlar: Aşyrgeldi Ylýasow 17, Serdar Tukyýew 38 (“Nebitçi”) – Berdimyrat Rejebow 35 (“Köpetdag”)

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş.)

Duşuşygyň emini: Ç.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy sany: 500

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň