Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty ― 2018: Ermenistanyň milli ýygyndysy kesgitlendildi

16:4821.09.2018
0
2299

Ermenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň metbugat gullugy ýurduň şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşjak düzüminiň kesgitlenendigini habar berdi. Olaryň arasynda halkara ýaryşlaryň ençemesiniň çempionlarynyň bolmagy ermeni türgenleriniň medallar üçin ýiti göreşe girjekdigini eýýämden habar berýär.
Has takygy, ýurduň erkekler ýygyndysynyň hatarynda dünýä çempiony Andranik Karapetýan (81 kg), Jorj Ýegikýan (81 kg), Akop Mkrtçýan (89 kg), Arsen Martirosýan (102 kg), Samwel Gasparýan (102 kg), Rio ― 2016 Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi, 2017-nji ýylda Ýewropanyň çempiony Simon Martirosýan we halkara ýaryşlaryň ençemesiniň ýeňijisi bolan Gor Minasýan bilen Ruben Aleksanýan dagylar bar.
Aşgabatdaky dünýä çempionatyna gatnaşjak ermenistanly zenan agyr atletikaçylaryň arasynda bolsa 2014-nji ýylda Ýewropanyň çempiony Izabella Ýaýlýanyň (59 kilogram), Liana Gürjýanyň (76 kg), 2017-nji ýylda Ýewropa çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi Tatewik Akopýanyň (87 kg) we Arpine Dalalýanyň (+87 kg) atlary geçýär.
Ermeni agyr atletikaçylary dünýä çempionaty üçin türgenleşiklere girişdiler. Häzirki wagtda olaryň türgenleşikleri Ukrainanyň Kamenes-Podolskiý şäherinde dowam edýär. Olar bu ýerde 30-njy sentýabra çenli türgenleşip, 3-nji oktýabrda Ýerewan şäherindäki nobatdaky okuw-türgenleşigine girişerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň