Döwlet muzeýiniň sergisi gallanyň we gowaçanyň ýetişdiriliş taryhy bilen tanyşdyrdy

16:4221.09.2018
0
1471

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçirilýän çäreleriň çäklerinde Döwlet muzeýinde güýzlük galla we gowaça bagyşlanan sergi açyldy. Serginiň öňýanynda geçirilen maslahatda gurak howa şertlerinde oba hojalygyny ýöretmegiň aýratynlyklary, oba hojalyk önümçiliginiň taryhy we häzirkizaman ugurlary barada gürrüň edildi. 
Çykyşlarda sergide goýlan Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyna degişli artefaktlar, gadymy ekarançylyk gurallary görkezildi. Etnografiýa bölüminde halkyň durmuşy we suwdan we ýerden peýdalanmagyň ýörelgeleri barada gürrüň berilýär. 
Dehistana ylmy sapar wagty tapylan bir gysym gowaça tohumy sergä gelenleriň ünsüni özüne çekdi. Alymlaryň pikirine görä, ol azyndan iki ýüz ýyl mundan ozalky döwürden galan bolmaly. Onuň mundan beýläkki öwrenilmegi şol döwrüň pagtaçylygy barada düşünje almaga ýardam eder. 
Fotosuratlar geçen asyryň 30-njy ýyllarynda pagta ýygymyny beýan edýär. Beýleki bölüm seçgi işlerine, görnüşleriň synaglaryna, şeýle hem gowaça ýetirşdirmek we pagtany gaýtadan işlelmek babatda häzirki döwürde gazanylanlara bagyşlanypdyr. Kitap muşdaklaryna dürli temalardan neşirýat önümleriniň ençemesi hödürlenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň