Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly petank ussatlary «Ashgabat Tissot Open 2018» ýaryşynda ýeňiş gazandylar

16:3921.09.2018
0
1434

Aşgabatda petank boýunça däbe öwrülen - «Ashgabat Tissot Open 2018» ýaryşy geçirildi. Ýaryş Şweýsariýanyň «Tissot» firmasynyň howandarlygynda Fransiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde we Russiýanyň «Возрождение» kompaniýasynyň hem-de Türkmenistanyň “Binýat” hojalyk jemgyýetiniň hemaýatkärligi bilen gurnaldy. 
Petank sportuň ýurdumyzda barha meşhurlyk gazanýan görnüşidir. Milli ýygyndy toparymyz Tailandyň Phuket şäherinde geçirilen 4-nji Kenarýaka Aziýa oýunlarynda bürünç medal eýeläpdi. Olaryň 2014-nji ýyldaky şowly ilkinji çykyşy halkara bilermenleriniň we sportuň şu görnüşiniň ussatlarynyň toparymyza hem-de Türkmenistana ünsüni çekipdi. 
Häzirki wagtda «Petanque TKM» klubuny dürli halkara ýaryşlaryna çagyrýarlar. Mundan başga-da, tanymal petank ussatlary tälim bermek üçin ýurdumyza gelmäge höwes bildirýärler. Bu gezekki ýaryşam şeýle boldy, oňa dokuz ýurtdan –Russiaýa Federasiýasynyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, ABŞ-nyň, UNICEF-iň Wekilhanasynyň, şeýle hem «Возрождение», “Tissot”, “Buig”, “Şnaýder elektrik” kompaniýalarynyň we beýlekileriň toparlary -- jemi otuz iki topar gatnaşdy. Bäsleşiklere köpsanly janköýerler geldiler. 
Baýrakly orunlaryň ählisini ýurdumyzyň wekilleri eýelediler. Hatarynda Aziza Arşawskaýa, Alewtina Gorewa we Mariýa Gusewa bolan «Monkeys» topary çekeleşili bäsleşikde «Asia Mix» toparyndan üstün çykyp, birinji orna mynasyp boldy. Fransiýanyň «Les bleus» toparyny ýeňen “Syýahat” üçünji orny eýeledi. Ýaryşa çagalar (ýaşy 12-ä çenli) toparlarynyň ikisi gatnaşdy we olar gowy netije görkezdiler. 
Aşgabat ýaryşyna gatnaşýanalryň sany ýylsaýyn artýar. Türkmenistanyň Petank federasiýasyny döretmek boýunça işler alnyp barylýar, ol ýurdumyzda täze ýaýran sportuň şu görnüşini hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer. Ýaryşyň guramaçylary «Ashgabat Tissot Open 2018» ýaryşyna Merkezi Aziýa sebitinde iri bäsleşik derejesini bermegi göz öňünde tutýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň