Soňky habarlar

Arhiw

Futzal boýunça ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionaty: Türkmenistanyň ýygyndysynyň saýlama tapgyrdaky duşuşyklarynyň wagty kesgitlenildi

16:3221.09.2018
0
889

Futzal boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň Aziýa çempionaty 2019-yň saýlama tapgyryndaky geçirjek duşuşyklarynyň wagtlary belli boldy.
Geçirilen bije çekişlikde ýaşlar ýygyndymyz “A” toparçada Eýranyň hem-de Owganystanyň ýygyndylary bilen bäsleşmäge mümkinçilik alandygyny ýatladýarys.
Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyrynda üç sebite bölünen ýygyndylaryň 18-si özara bäsleşerler. Merkezi, Gündogar hem-de Günbatar zolaklara bölünen ýygyndylar toparçalaryň ikisinde (her zolakda) özara güýç synanyşarlar.
Ýygyndymyzyň çykyş edýän Merkezi zolakdan ýygyndylaryň üçüsi Aziýa çempionatynyň final tapgyrynda çykyş etmäge mümkinçilik alar - her toparçanyň ýeňijisi hem-de ikinji orunlary eýelän ýygyndylaryň arasynda geçiriljek pleý-off duşuşygynyň ýeňijisi.
Merkezi sebitiň saýlama tapgyryndaky duşuşyklar Özbegistanyň Daşkent şäherinde 1-4-nji dekabr aralygynda geçiriler.

“A” toparça: Eýran, Owganystan, TÜRKMENISTAN

“B” toparça: Özbegistan, Gyrgyzystan, Täjigistan

 Geçiş tertibi:

1-nji tapgyr, 1-nji dekabr

Gyrgyzystan – Özbegistan

TÜRKMENISTAN – Eýran

2-nji tapgyr, 2-nji dekabr

Täjigistan – Gyrgyzystan

Owganystan – TÜRKMENISTAN

3-nji tapgyr, 3-nji dekabr

Özbegistan – Täjigistan

Eýran – Owganystan

Pleý-Off, 4-nji dekabr

“А” toparçanyň 2-nji orny– “В” toparçanyň ikinji orny

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň