Soňky habarlar

Arhiw

TFF: “Altyn Asyr” – “Aprel 25” duşuşygyna akkreditasiýa başlandy

16:2421.09.2018
0
1292

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda şu ýylyň 3-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Altyn asyr» (Türkmenistan) ― «Aprel 25» (KHDR) duşuşygyna akkreditasiýanyň başlanandygyny ýurduň sport žurnalistlerine habar berdi. AFK-nyň kubogynyň interzolagynyň final tapgyrynyň çäginde geçiriljek bu duşuşyk «Aşgabat» köpugurly sport toplumynda bolar. Onuň ýerli wagt bilen sagat 17-de başlanmagyna garaşylýar.
Duşuşyk üçin akkreditirlenen žurnalistlere oýundan öňki we soňundaky press konferensiýalara  gatnaşmak, oýnuň bolýan güni stadiona hiç bir päsgelçiliksiz girmek, oýun wagty derwezäniň arkasyndaky mahabat şitleriniň aňyrsynda (diňe akkreditirlenen fotožurnalistler üçin) surata düşürmek we guramaçylar tarapyndan toparlaryň esasy düzümleriniň protokoly bilen üpjün edilmek ýaly mümkinçilikler garaşýar.
Isleg bildiren žurnalistler federasiýa 865-37-93-78 belgili telefon arkaly 28-nji sentýabra çenli ýüz tutup bilerler. Turkmenportal hem bu duşuşyk bilen bagly ähli täzelikleri okyjylary bilen paýlaşyp durmagy maksat edinýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň