Türkmenabatda dört gatly jaýlaryň dördüsi ulanylmaga berildi

19:4920.09.2018
0
4093

Lebap welaýatynyň dolandyryş merkeziniň ýaşaýjylary şanly baýramçylyga — ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününe ajaýyp sowgat aldylar. Şu gün bu ýerde täze ýaşaýyş toplumy dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Ol 4 gatly jaýlaryň dördüsinden ybarat bolup, olaryň her birinde dört we üç otagly öýleriň 24-si bar. Gurluşygyň barşynda öňdebaryjy tehnologik enjamlar we timarlaýyş serişdeleri ulanyldy.
Ýurdumyzyň döwrebap şäher gurluşygynyň talaplaryny nazara almak bilen, taslamasy ýerli hünärmenler tarapyndan işlenip taýýarlanan ýokary amatlykly jaýlar A.Nyýazow köçesiniň binagärlik görküne görk goşdy. Toplumyň gurluşygyna Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň Türkmenabat gurluşyk önümleri zawody hem-de Türkmenabadyň “Demirbetonönümleri” kärhanasy gatnaşdylar.
Täze ýaşaýyş toplumynyň öýlerinde ýaşaýjylar üçin ähli amatly şertler göz öňünde tutuldy. Üçekleri beýik we oňat timarlanan giň ýagty otaglar, ajaýyp enjamlaşdyrylan aşhana hem-de eýwan täze jaý eýeleri üçin oňaýly şertleri döreder. Ýanaşyk ýerler abadanlaşdyrylyp, bagy-bossanlyga büreldi, şol ýerde giň çagalar meýdançasy enjamlaşdyryldy. Toplumyň çäginde toý we beýleki çäreleri geçirmek üçin 300 orunlyk bina göz öňünde tutuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň