Soňky habarlar

Arhiw

Balkan welaýatynda aş öndürýän zawod we täze ýyladyşhana ulanylmaga berildi

19:2320.09.2018
0
3537


Balkan welaýatynyň dolandyryş merkezinde täze desgalaryň birbada ikisi — aş önümlerini öndürýän zawod hem-de ýyladyşhana toplumy dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Olar daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde bina edildi.
Balkanabatda gurlan aş önümlerini öndürýän täze zawod Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan köpugurly hususy kärhana tarapyndan “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň beren karzynyň hasabyna bina edildi.
Kärhana döwrebap italiýan enjamlary bilen üpjün edildi. Awtomatlaşdyrylan tehnologiýa ulgamynyň kuwwaty ýylda 270 tonna önüme deňdir. Häzirki wagtda bu ýerde aş önümleriniň onlarça görnüşiniň önümçiligi özleşdirilip, 0,5 we 5 kilogram bolan gaplara gaplanan hem-de “PG” harytlyk nyşany astynda ýerlenilýär.
Ýyladyşhana toplumy bolsa tutuş ýylyň dowamynda ilaty gök önümler bilen üpjün eder. Onuň üçin günbatar sebitiň dolandyryş merkeziniň golaýynda ýer bölegi berildi. Bu desga hem ýerli hususy kärhananyň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi. Ilkibaşda bu ýerde 0,5 gektar ýerden ýylda ýokary hasylly ýerli we daşary ýurt sortlaryndan bolan pomidoryň 200 tonnasyny ýygnap almak meýilleşdirilýär.
Ýakyn geljekde onuň ýanynda birmeňzeş kuwwatlykdaky ikinji ýyladyşhanany gurmak hem-de nebitçiler şäheriniň we ýakyn şäherçeleriň söwda ulgamyna iberilýän ýokumly önümleriň görnüşlerini artdyrmak göz öňünde tutulýar.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň