Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda 144 hojalyga täze ýaşaýyş jaýy berildi

19:1020.09.2018
0
9390

Paýtagtymyzyň günorta bölegindäki Parahat — 7/3 ýaşaýyş toplumynda gurlan täze köp gatly jaýlaryň ikisi umumymilli baýramçylygyň — ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda aşgabatlylara ajaýyp sowgat boldy. Şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, döredijilik toparlarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň hem-de bagtly öý eýeleriniň gatnaşmagynda täze jaýlaryň açylyş dabarasy uly baýramçylyga öwrüldi.
Täze Parahat-7/3 ýaşaýyş toplumy etrapçany gurmagyň bir bölegi hökmünde batly depginler bilen bina edilýär. Bu toplum Ýunus Emre, Alty Garlyýew, Baba Annanow hem-de “10 ýyl abadançylyk” köçeleriniň çäklerindäki umumy meýdany 30 gektardan gowrak bolan ýerde gurulýar. Şu ýerde eýýäm gurulmagy meýilleşdirilen 9 gatly jaýlaryň 27-sinden 8-si, 600 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep hem-de 160 orunlyk çagalar bagy, saglyk öýi we söwda merkezi ulanmaga berildi. Geljekde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi boýunça bu ýerde ýenede bir mekdebi we çagalar bagyny gurmak bellenildi.
Şu gün bagtly jaý eýeleri köp gatly jaýlaryň ikisinde otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan öýleriň 144-siniň açaryny aldylar. Birmeňzeş jaýlar binýatlarynyň, üçekleriniň, örtükleriniň, diwarlarynyň netijeli çözgütleriniň esasynda taslanyldy, şolar timarlananda döwrebap ýylylyk saklaýjy serişdeler ulanyldy.
Jaýlaryň biri bir, iki, üç hem-de 4 otagly öýleriň 108-sinden ybarat bolup, ikinji jaýda dört we bäş otagly öýleriň 18-si bar, olaryň uly ýaşaýyş meýdany bar. Aşhana, eýwan — bularyň hemmesi ýokary amatlylygyň talaplaryna doly laýyk gelýär. Öýlerde oturdylan ýokary hilli mebeller ýurdumyzyň önümleri bolup, döwrebap bezege eýedir. Dürli-dürli durmuş tehnikalary bolsa, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň öndüren täze nusgalaryna kybap gelýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň