Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionaty iki halkara maslahatda tanyşdyrylar

19:4217.09.2018
0
1103

«Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisini üstünlikli jemlän ýurdumyzyň sport wekiliýeti şu günler noýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň tanyşdyryş dabaralaryna giň gerim berdi. Bu çempionat baradaky tanyşdyryş çykyşlaryna ýakynda meýilleşdirilýän halkara maslahatlaryň ikisinde orun berdildi. Olar Sport metbugatynyň halkara assosiasiýasynyň Saud Arabystanynyň Jidde şäherinde geçiriljek maslahaty we Russiýanyň Astrahan şäherinde bolan Hazar mediaforumydyr.
Astrahan şäherindäki mediaforuma ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşar. Mediaforumy 19-20-nji sentýabrda geçirmek meýilleşdirilýär. Oňa Hazarňaka döwletleri bolan Türkmenistandan, Russiýadan, Eýrandan, Gazagystandan we Azerbaýjandan halypa hem-de ýaş žurnalistleriň ençemesi gatnaşar. Şu habaryň ilkinji sözlemlerinde hem ýaňzydyşymyz ýaly, türkmen wekiliýeti bu ýerde Agyr atletika boýunça dünýä çempionyna görülýän taýýarlyk işleriniň barşy bilen hem tanyşdyrar.
Sport metbugatynyň halkara assosiasiýasynyň (AIPS) maslahaty bolsa 20 — 24-nji sentýabr aralygynda geçiriler. Oňa dünýäniň 130 döwletinden sport žurnalistleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Elbetde, Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionaty baradaky çykyşlar bu maslahatda hem uly gyzyklanma döreder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň