Arhiw

Aşgabadyň açyk futzal çempionatynda “Migrasiýa” öňde

19:2917.09.2018
0
1129

9-njy tapgyrda “Daýhanbanky” 7:2 hasabynda ýeňen “Migrasiýa” futzal boýunça Aşgabat şäheriniň açyk çempionatyndaky ýeňişli ýoluny dowam edýär.
Bu tapgyrdan soň utugyny 25-e ýetiren “Migarsiýa” ýaryş tertibinde birinji orny eýeleýär. “Migrasiýanyň” birinji orun ugrundaky esasy bäsdeşleri “Köpetdag” bilen “Deňizçi” toparlary hem bu tapgyry ýeňiş bilen tamamladylar. Şeýlelikde, ikinji orundaky «Köpetdag» bilen üçünji orundaky «Deňizçide» 18, «Daýhanbankda» 12, «Gümrükçide» 10, «Nesilde» 9, «Milli goşun» bilen «Senagatbankda» 7 utuk bar. Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýetginjekler toparynda bolsa  entek utuk ýok.
IX tapgyr
Oýun № 33 U20 - “Köpetdag” 4:9
Oýun № 34 “Migrasiýa” - “Daýhanbank” 7:2
Oýun № 35 “Deňizçi”-“Milli goşun” 4:1
Oýun № 36 “Senagatbank” – “Gümrükçi” 3:4
Dynç: “Nesil”
X tapgyr
20.09.2018 ý.
Oýun №37 “Köpetdag”-“Milli goşun” 10:00
Oýun №38 “Daýhanbank” – “Gümrükçi” 12:00
Oýun №39 “Nesil”– “Senagatbank” 14:00
Oýun № 40 U20 – “Deňizçi” 16:00
Dynç: “Migrasiýa”

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň