Türkmenistanyň Prezidentiniň Akhan diýen aty dünýä rekordyny goýdy

21:4716.09.2018
0
6358

15-nji sentýabrda Awazada geçirilen dabaralaryň çäginde milletiň Liderine hem-de dabara gatnaşyjylaryň ählisine Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Akhan diýen bedewiniň Ginnesiň rekordlar Kitabyna girizilendigi hakyndaky şahadatnama görkezildi. Şeýdip, atyň üýtgeşik ukyby resmi taýdan bellige alyndy — oňa iki aýagynyň üstünde çarpaýa galyp, 10 metri bary-ýogy 4,19 sekuntda geçmek başartdy. Ol şondan ozalky iň oňat netijäni gowulandyryp, bu täsin görnüşde täze rekord goýdy.
Bu rekordyň doly kanunalaýyklygyna eminlerden, ýagny öz döwründe ozalky gazanylan üstünligi bellige alan bütin dünýä meşhur neşiriň wekillerinden başga-da, Awazadaky baýramçylyga gatnaşan köp sanly tomaşaçylar hem göz ýetirip bildiler. Akhan duýgurlyk bilen hem-de mynasyp derejede tomaşaçylara baş egip, ýeňillik bilen yzky iki aýagynyň üstüne galdy hem-de şonuň ýaly dik ýagdaýynda belli bir aralygy ajaýyp ýöräp geçdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň