Arhiw

28-nji sentýabrda Türkmenistanyň ähli sebitlerinde baýramçylyk at çapyşygy geçiriler

23:1515.09.2018
0
1482

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 14-nji sentýabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanyna ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygy mynasybetli 28-nji sentýabrda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hem-de Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň atçylyk toplumlarynda geçiriljek at çapyşyklarynyň hem-de beýleki baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasy hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda geçirilýän at çapyşyklarynyň mähriban halkymyzyň baý atçylyk däplerini mundan beýläk-de ösdürmäge, milli baýlygymyz bolan ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny bütin dünýäde has-da artdyrmaga ýardam edýändigini belläp, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň