Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi

20:3015.09.2018
0
12706

14-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamalarynyň hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň beýleki maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meseleler, şeýle hem halkymyzyň abadançylygyny we Türkmenistanyň rowaçlygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatyň wajyp wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň barşynda:

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” taýýarlanylyşy;

Wise-premýer  M.Meredow ýangyç-energetika toplumynyň dürli pudaklarynda işleriň ýagdaýy, gözegçilik edýän düzümlerinde işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýän çäreler;

Wise-premýer  E.Orazgeldiýew ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri;

Wise-premýer  K.Durdymyradow Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde bina edilen “Garabogazkarbamid” zawodynyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri;

wise-premýer  D.Amangeldiýew gözegçilik edýän gurluşyk, energetika, jemagat hojalygy ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hem-de hormatly Prezidentimiziň bu babatda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi;

wise-premýer Ç.Gylyjow kiçi we orta telekeçiligiň işiniň maliýeleşdirilmegini işjeňleşdirmek boýunça görülýän çäreler;

wise-premýer M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş kärhanasynda ýerine ýetirilýän işler;

wise-premýer B.Abdyýewa ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk;

wise-premýer P.Agamyradow ýurdumyzyň baş baýramynyň — Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda, 19-njy sentýabrda Aşgabatda geçiriljek Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXI maslahatyna görülýän taýýarlyk;

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hasabatynyň başynda Russiýa Federasiýasynyň paýtagtyndan gelip gowşan hoş habar;

hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitinde beýan eden başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça görülýän çäreler;

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli parlamentiň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek we Halk Maslahatynyň birinji mejlisine taýýarlyk boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdiler.

Soňra harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy, Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň barşy, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, şeýle hem Watan goragçylarynyň mynasyp gullugy hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýşy üçin oňyn şertleri döretmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdiler. Şeýle hem ähli ulgamlarda kanunçylygy berjaý etmek, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmek, ýol-ulag hereketiniň sazlaşygyny gazanmak, migrasiýa we gümrük gulluklarynyň işlerini kämilleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berildi.

Milli Liderimize mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe görülýän taýýarlyk işleri we onuň gerimi hakynda hasabat berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, olar barada degişli tabşyryklary berdi. Hususan-da, döwlet Baştutany ýurt Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk toýuny ýokary derejede geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň