Soňky habarlar

Archive news

“Balkan” kärhanasynda täze gämileriň gurluşygyna girişiler

19:1615.09.2018
0
2006
“Balkan” kärhanasynda täze gämileriň gurluşygyna girişiler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 14-nji sentýabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde wise-premýer M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş kärhanasynda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, kabul edilen maksatnama laýyklykda, häzirki döwürde “Balkan” kärhanasynda “Türkmenistan” we “Magtymguly” gury ýük daşaýjy gämileriň hem-de “Bitarap” nebit tankeriniň abatlaýyş işleri alnyp barylýar.

Şeýle hem kärhanada dürli derejeli we dürli görnüşli gämileriň gurulmagy meýilleşdirilýär. Olaryň hatarynda tigirli tehnikalary (awtomobilleri, ýük awtomobillerini, tirkegleri we wagonlary) daşamaga niýetlenen «RO-RO» gämileri bar. Deňizde şu görnüşde wagonlary daşamak portuň esasy ýokary görkezijileriniň biri bolup durýar. Şeýle usulyň ulanylmagy ýük ýüklemek we düşürmek işlerine sarp edilýän wagty tygşytlamaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmegi esasy ugur edinýän ulag syýasatyny toplumyň ulag kuwwatlyklarynyň we ýurdumyzyň deňiz flotunyň mümkinçilikleriniň artdyrylmagyny nazarlaýandygyny nygtady. “Balkan” kärhanasynyň ýurdumyzyň gämi gurluşygy ulgamyny ösdürmek üçin esasy binýat bolmalydygyny belläp, milli Liderimiz bu ugra degişli işgärleri taýýarlamagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

«RO-RO» demir ýol wagonlary üçin niýetlenen gämileriň gurluşyna degip geçip, döwlet Baştutanymyz uzak aralyga ýük daşaýan şeýle gämileriň tranzit mümkinçilikleri üçin ähmiýetlidigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere degişli tabşyryklary berip, hormatly Prezidentimiz milli deňiz flotuny giňeltmegiň, gämileriň täze görnüşlerini gurmagy özleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy. Munuň özi suw ulgamynda ýük dolanyşygynyň ýokarlanmagyny şertlendirer.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň