Türkmen telekeçileri mümkinçiliklerini täze kärhanalar bilen ösdürýärler

18:2115.09.2018
0
11185

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 14-nji sentýabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow kiçi we orta telekeçiligiň işiniň maliýeleşdirilmegini işjeňleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda obasenagat toplumynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli kärhanalaryň 1015-den gowragynyň hereket edýändigi bellenildi. Olar oba hojalyk we azyk önümlerini öndürip, içerki bazarlaryň isleglerini kanagatlandyrýarlar.

Senagat pudagynda birleşmäniň agzalaryna degişli 597 önümçilik kärhanasy hereket edip, olarda öndürilýän gurluşyk serişdeleri, dokma önümleri, ýuwujy serişdeler, demir önümleri, mebel, faýans, aýna önümleri, şeýle hem dürli görnüşli polietilen we plastik önümler içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýar. Şu ýylyň ýedi aýynda hususy taraplaryň daşary ýurtlara iberen azyk däl we senagat harytlarynyň möçber geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 68,7 göterim artdy.

Wise-premýer şeýle hem ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli açylmagy göz öňünde tutulýan täze desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän, ýyllyk kuwwaty 3 müň 600 tonna iri şahly mallaryň derisini gaýtadan işleýän kärhananyň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylandygy bellenildi. Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda “Parahat” hususy kärhanasy tarapyndan “Tetra Pak” kompaniýasy bilen bilelikde ýyllyk kuwwaty 16,5 million litr süýt önümlerini öndürmäge niýetlenen kärhanany gurmak boýunça taslama durmuşa geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň