Soňky habarlar

Arhiw

“Garabogazkarbamid” zawody ulanylmaga bermäge taýýar

17:5215.09.2018
0
9685

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 14-nji sentýabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde wise-premýer K.Durdymyradow Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde bina edilen “Garabogazkarbamid” zawodynyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid dökünlerini öndürjek hem-de dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze tehnologiýalary we enjamlary bilen üpjün edilen gazhimiýa toplumyny ulanmaga bermek işleri doly tamamlandy. Häzirki döwürde önümçiligiň esasy çig maly bolan suwuklandyrylan ammiagyň ilkinji tapgyryny öndürmäge girişildi. Ähli tehnologik ulgamlar awtomatlaşdyrylyp, dolandyryş merkezine birikdirildi.

Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk täze senagat kärhanasynyň ulanmaga berilmegi bilen, Türkmenistan dünýä bazarlaryna mineral dökünleriň köp mukdaryny ugradýan öňdebaryjy döwletleriň hataryna goşular.

Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreler görülmelidir diýip, milli Liderimiz bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň